Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gepleýär “WikiLeaks”!


"WikiLeaks" gizlin maglumatlary ýaýratdy, entek yzy hem kän. Aýdylýanlaryň hemmesi dogrumy ýa çişirilenmi – onçasyny anyk bilemok. Ýöne dünýäniň iň güýçli ýurdunyň diplomatlary öz hökümet edaralaryna ýalan maglumatlary berer öýdemok.

Soňky "WikiLeaks bombasy" ýönekeý halk üçin gyzykly bolan käbir zatlary-ha açyp görkezdi. Emma ol ýerdäki aýdylýan zatlar käbirleri üçin "syr" bolup görünse-de, beýlekiler üçin "tassyklama" bolup ýaňlandy. Dogrusy, häzire çenli ýaýradylan dokumentlerde ýazylan maglumatlar meni gaty geň galdyrmady, ýöne utandyrdy. Utanara doly esasam bar.

Russiýanyň "Itera" kompaniýasy türkmen liderine 60 million dollarlyk ýahtany "sowgat" berdi diýilýär. Kanunlary berk işleýän Germaniýanyň "Daimler" awtokonserni 300 müň dollarlyk lýuks ulagy ýokary derejeli türkmen çinownigine "sowgat" hökmünde berip bilen bolsa (muny kompaniýanyň özi hem boýun aldy), onda ýahtaly gürrüňem täzelik däl.

Biriniň şahsy durmuşy ýa maşgala agzalary barada gürrüň edesim-ä gelenok welin, ýöne "WikiLeaks" saýtynda görkezilen "giýewli" ýa "willaly" telegrammalar hem kän oýlandyrmady. Eger halal işläp ýa halal gazanyp şo zatlary etmedik bolsalar, onda ady geçýän subýektleriň özleri oýlansyn.

Prezident oňa-muňa geçende ýapylýan ýollaryň sanyny, geçirilýän öňüni alyş çärelerini göz öňünde tutsaň, onda prezidentiň awtokerweniniň öňünden pişik ýa başga bir ulag geçeni üçin "Maýor Babamyradyň" işden kowulmagy ýa birnäçe adamyň "ýygnalmagy" hem bolup biläýjek zat. Bu zatlary polisiýanyň işgärleri aýdan bolsa, ugrunda bardyr elbetde.

Bir zat welin pikirlendirýär. Düýn bir ýerde şeýleräk soraga duş geldim: "Näme üçin döwleti dolandyrýan sanlyja adamlar halklaryndan has ýokary, çenden aşa ýokary durmuşda ýaşajak bolýarlar? Şeýle durmuşda ýaşamak üçin degerli işleri bitirdilermi?"

Geň zatlar hem bar:

"Dostumyz" Eýrany, "arkadaşymyz" Türkiýäni türkmen lideri halanok.

Russiýanyň "mafiýa döwletini" gurýandygy ýazylýar.

Hytaý öz ýarany Demirgazyk Koreýanyň bellisini etmäge taýýarlyk görýär.

Araplar Eýrandan gorkýar, bahymrak çökerilmegini isleýär.

Ermenistan Eýrana ýarag satyp ýör.

Ruslar bitarap Türkmenistanda uran öndürip, Eýrana daşamagyň kül-külüne düşüpdir. Bu habar Türkiýäni gamgyn halda goýupdyr.

Azerbaýjan öz "gardaşy" Türkiýäni oýnap ýörkä, Türkiýe Azerbaýjan üçin Ermenistan syýasatyny üýtgedip ýör.

Içinden çykar ýaly bolmady. XXI asyryň başy şeýdip tamamlanýar. "Halkara gatnaşyklary" diýlen konsepsiýa taýak iýdi.

Indiki onýyllykda bize nämeler garaşýarka? Ony häzirlikçe çak etmegem kyn. Ýöne welin bir zat belli: Internet köp zady üýtgedýär.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG