Sepleriň elýeterliligi

«Nebitçi» GDA-nyň kubogyna gatnaşar


Beýleki ýurtlaryň çempionlarynyň köpüsi ýaryşa komandasynyň ikinji düzümini iberýän bolsa, Türkmenistandan elmydama esasy düzüm gatnaşýar.

Beýleki ýurtlaryň çempionlarynyň köpüsi ýaryşa komandasynyň ikinji düzümini iberýän bolsa, Türkmenistandan elmydama esasy düzüm gatnaşýar.

2011-nji ýylyň ýanwarynda Orsýediň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň kubogy ugrundaky futbol ýaryşyna gatnaşjak ähli komandalaryň atlary mälim edildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň çempiony, Balkan welaýatynyň komandasy «Nebitçi» hem gatnaşar.

GDA-nyň kubogyny almaga jemi 16 komanda gatnaşar. Pribaltika döwletleriniň GDA girmeýändigine garamazdan, ol ýurtlaryň komandasy hem futbol ýaryşyna gatnaşýarlar. Ýöne Gruziýanyň Futbol federasiýasynyň wekiliniň habar bermegine görä, bu gezekki ýaryşda bu ýurtdan futbol komandasynyň gatnaşmagynyň maksada laýyk bolmajakdygy mälim edilýär.

Halkara derejesindäki futbol bäsleşikleriniň arasynda GDA-nyň kubogy juda bir abraýdan peýdalanmaýan hem bolsa, türkmen futbolçylary üçin ol ýokary derejeli bäsleşikleriň biridir. Beýleki ýurtlaryň çempionlarynyň köpüsi ýaryşa komandasynyň ikinji düzümini iberýän bolsa, Türkmenistandan elmydama esasy düzüm gatnaşýar.

Sowet Soýuzynyň ýykylmagy bilen, iň bir güýçli futbol çempionaty hem dargady we garaşsyzlygyny alan döwletleriň hersi öz ýurdunyň futbol çempionatyny döretdi.

1992-nji ýylyň iýulynda ençeme ýyllap bir çempionatda çykyş eden komandalary ýene meýdançada duşurmagyň ideýasy orta atylýar. Netijede GDA we Baltika ýurtlaryna girýän ýurtlaryň çempionlarynyň arasynda futbol turnirini döretmekligiň kararyna gelinýär.

Başda bu çempionaty her ýyl bir respublikada geçirmek makul görlüpdi. Emma häli-häzire çenli bu ýaryş diňe Orsýetde geçirilip gelinýär.

Ilkinji gezek 1993-nji ýylda bat alan bu futbol ýaryşynda on ýyllap diňe Orsýet bilen Ukrainanyň komandalary ýeňiji bolýardylar. Ýöne soňky ýyllarda GDA-nyň kubogyny beýleki respublikardan bolan komandalar eýelemegi başaryp ugradylar.

1993-nji ýyldan bäri GDA-nyň kubogyny almak boýunça ýaryşa Türkmenistanyň çempionlarynyň ýyl sypdyrman gatnaşýandyklaryna garamazdan, biziň ýurdumyzyň komandalaryndan ýekejesine hatda finala çykmak hem başartmady.

Iň bir gowşak futbol ýaryşynda türkmen futbolçylarynyň şowsuz çykyş etmekleriniň sebäbi Türkmenistanda sportuň bu görnüşine düýpli ünsüň berilmeýänligi bilen düşündirilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG