Sepleriň elýeterliligi

Saýlawlar kime gerek?


Hojamedow: "5-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar türkmen halky üçin däl-de, halkara guramalara hasabat bermek üçin gurnalýar".

Hojamedow: "5-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar türkmen halky üçin däl-de, halkara guramalara hasabat bermek üçin gurnalýar".

Şu günler Türkmenistan nobatdaky saýlawlara taýýarlyk görýär diýsek, gaty öte geçdigimiz bolar. Sebäbi saýlawlaryň geçirilmegi, oňa görülýän adaty taýýarlyk prosesleri, biziň ýurdumyzda diňe kagyz ýüzünde galýar.

Bu saýlawlaryň 5-nji dekabrda geçirilýändigini ilatyň aglaba köpüsi asla bilenogam. Döwlet strukturalaryna degişli edaralaryň işgärleri bolaýmasa, oňa adamlar gatnaşmagam islemeýär. Beýle biparhlyk nämeden döreýär diýip oýlanmak hem gerek däl. Köp ýyllaryň dowamynda halka syýasy azatlygyň berilmän gelmegi ýurtda hökümet tarapyndan geçirilýän saýlawlara adamlaryň ynamsyzlyk duýgularynyň döremegine getirdi.

Syýasy sahnada hereket edýän türkmen hökümeti bu saýlawlaryň alternatiw we demokratik ýagdaýda geçiriljekdigini aýdyp gelse-de, onuň syýasy oýundygyny indi hemmeler gowy bilýär. Türkmen hökümetine bu saýlawlar diňe Günbatardaky döwletleriň we beýleki halkara guramalaryň gözüni baglamak üçin gerek. Saýlawlar geçirilýärmi, dalaşgärler barmy - bolany. Oňa halkyň doly gatnaşany ýa-da gatnaşmany olary kän bir gyzyklandyrmaýar. Şonuň üçin halk gaflat ukusyndan oýanmaz ýaly, türkmen hökümeti bu saýlawlary formal taýdan geçirmegi maksat edindi. Şeýle diýmäge esas hem bar.

Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylşynyň ýedinji maslahatynda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek hakynda karar kabul edilýär. Bu karardan soňam, öňem halka geňeşler we welaýat, etrap halk maslahatlarynyň işi barada ýeterlik maglumatlar hem berilmeýär. Ilat bu saýlawyň hatda näme üçin geçirilýändigini hem bilmeýär. Dalaşgärlige bellenen adamlaryň köpüsi öz ýerine ýetirmeli işleriniň tertibine hem düşünmeýärler. Olaryň käbiriniň aýtmagyna görä, bu saýlawa olary ýokardan özleriniň isleglerine seretmän, görkezme bilen belläpdirler.

Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakynda 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen kanunyň 31-nji maddasynda Geňeş agzalygyna dalaşgärleri görkezmeklik saýlawlara 45 gün galanda başlanyp, 30 gün galanda tamamlanýar diýlip görkezilen hem bolsa, saýlawçylar dalaşgärleriň kimlerdigini henizem bilmeýärler. Saýlaw geçiriljek uçastoklarda diýäýmeseň, şäherde we etraplarda dalaşgärler barada berilýän informasion maglumatlar ýerleşdirilmedi. Şeýle ýagdaý hem türkmen hökümetiniň saýlaw institutyna bolan garaýyşlaryny doly açyp görkezýär.

Şeýlelikde, 5-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar türkmen halky üçin däl-de, halkara guramalara hasabat bermek üçin gurnalýar. Elbetde, bu saýlawlaryň netijelerini Türkmenistanyň “meşhur ýaşulusy”, saýlaw komissiyasynyň başlygy Myrat Garryýew bir gün öňünden taýýarlap, oňa gatnaşan saýlawçylaryň sany 99,9% diýip, hasabat berer.

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG