Sepleriň elýeterliligi

Düýn Ženewada türk-ysraýyl gepleşikleri geçirildi


Ýekşenbe güni Ženewada şu ýylyň maý aýynda Gaza sektorynyň golaýynda bolan çaknyşyklardan soň ýitileşen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga synanyşyklaryň çäklerinde türk-ysraýyl gepleşikleri geçirildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili adynyň tutulmazlyk şerti bilen Ženewada Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Feridun Şinirlioglunyň Ysraýylyň ýörite wekili bilen duşuşandygyny tassyklady.

Emma ol ysraýylly resminiň şahsyýeti barada anyk maglumat bermedi. Duşuşygyň jikme-jigligi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG