Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň üç sputnigini göteriji raketa Ýuwaş okeana gaçdy


Düýn üsti üç sany kosmos sputnikli raketa Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan uçurylmagynyň yzy bilen, ol Ýuwaş okeana gaçdy.

Orsýetiň Federal kosmos agentligi («Roskosmos») bu sputnik göteriji raketanyň şowsuz uçurylyşynyň sebäplerini derňemek boýunça ýörite komissiýa döretdi.

Maglumatda bu sputnik göterijiniň öten agşam ABŞ-nyň Gawaý ştatynyň administratiw merkezi bolan Gonolulu şäheriniň demirgazyk-günbataryndan 1500 kilometr töweregi daşlykda Ýuwaş okeana gaçandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG