Sepleriň elýeterliligi

Abu-Dabide arap döwletleriniň Sammiti açylýar


Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Pars aýlagyndaky arap döletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýyllyk Sammiti açylýar.

Baş tema howpsuzlyk meseleleri hem regionda ýeke-täk pul birligini girizmek boýunça çäreler bolar diýlip garaşylýar.

Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri girýär.

«WikiLeaks» internet saýtynyň ýakynda ýaýradan diplomatik dokumentlerinden mälim bolşuna görä, saud patyşasy Eýranyň ýadro obýektlerine zarba urmakda Waşingtona meçew bermäge çalşypdyr.
XS
SM
MD
LG