Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistandaky ýerli saýlawlara gatnaşyk 95.7% boldy


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy düýn Türkmenistanda welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlaryna geçirilen saýlawlara gatnaşygyň 95.7% bolandygyny tassyklaýar.

Bu ses berişligiň netijeleri ýakyn wagtlarda yglan ediler.

Maglumata görä, saýlawlaryň gidişine milli synçylar, ýagny, Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle-de ýörite çagyrylan daşary ýurt synçylary gözegçilik edipdirler.

Türkmenistanda ýerli Halk maslahatlaryna agzalar dört ýyl möhlet bilen saýlanýar. Welaýat Halk maslahatyna 40, etrap we şäher Halk maslahatlaryna 20 deputat saýlanýar.
XS
SM
MD
LG