Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlara syn edip...


Hojamedow: "Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri saýlaw prosesi barada ýeterlik maglumat berip bilmedi".
Hojamedow: "Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri saýlaw prosesi barada ýeterlik maglumat berip bilmedi".
Türkmen hökümeti ýene bir ädim yza ädip, Saparmyrat Nyýazowyň döreden garaňkylyk dünýäsine gadam basdy.

5-nji dekabrda geçirilen welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary teatrlaşdyrylan sahna öwrüldi, onuň şeýle geçirilmegine hem garaşylýardy.

Berdimuhamedowyň hökümeti bu saýlawlaryň geçirilmegini hem kän bir göwnäp barmaýana meňzeýärdi. Demokratik ýurtlarda saýlaw geçirilende, ol ençeme aýlaryň dowamynda jemgyýetçiligiň üns merkezinde saklanyp, oňa gaty uly orun berilýän bolsa, Türkmenistanda onuň tersine boldy. Saýlaw güni türkmen hökümeti esasy aladalaryny saýlaw proseslerine gönükdirmän, “Goňşyokara” baýramçylygyny gurnamak bilen başagaý boldy.

Türkmen telekanallary ir bilen saýlaw uçastoklaryndan reportažlar bermän, ýasama gurnalan “Goňşyokara” baýramçylygyny görkezdiler. Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri syýasy ideologik gurala öwrülen “Goňşyokara” baýramçylygy ýa-da teatrlaşdyrylan sahnalar bu gezek hem saýlawdan ýokary tutuldy.

Saýlawa barmaly saýlawçylar topar-topar bolup, biri-birlerine köke-süýji paýlap, tans oýnaşýardylar. Olaryň arasynda ak sakgally ýaşulularda bardy. Bu görnüşleri syn edip, agyr oýa batanyňy duýman galýaň. Beýle masgaraçylygyň halk üçin edilýändigine düşünmek kyn hem däl. Milleti aşyk oýnan ýaly oýnaýarlar!

Saýlawyň öň ýanyndaky gün ýurduň prezidenti geçirilmeli saýlawlar “demokratik jähtden doly we dogry geçirilmeli” diýip çykyş etse-de, onuň sargytlary ýene ýol almady.

Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge jogapkär adamlar göýä öňünden syýasy tehnologyň sapagyny alana meňzeýärdiler. Her saýlaw uçastogynda dalaşgärleriň bardygyny tassyklamak üçin hemme okruglarda iki adamdan ybarat dalaşgär görkezipdirler.

Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 1-nji saýlaw okrugyndan:

1. Hanjaýew Annadurdy Saryjaýewiç – 1966ý. Babadaýhan etrap hassahanasynyň lukmany.

2. Possykowa Ogulmaral – 1958ý. Babadaýhan etrabynyň Bilim bölüminiň hünärmeni.


Altyn Asyr etrabynyň 9-njy saýlaw okrugyndan:

1. Altyýew Sapargeldi Kakabaýewiç – 1972ý. Altyn Asyr etrap häkimliginiň baş hünärmeni.

2. Atabaýew Annamyrat – 1963ý. Altyn asyr etrabynyň B.Amanow adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy.


Sarahs etrabynyň 7-nji saýlaw okrugyndan:

1. Döwletow Şyhy – 1926ý. Sarahs etrabynyň Ýasulular geňeşiniň başlygy.

2. Gurbanowa Mähri Myradowna – 1982ý. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň iş alyp barjysy.


Dalaşgärlige görkezilen adamlaryň 90%-den gowragy döwlet edaralarynyň jogapkär ýolbaşçylary, 8%-i döwlete degişli jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we 2%-i döwletiň ýerlerini kärendesine alan daýhanlar.

Saýlawlaryň gurnalyşyna, geçirilşine we onuň informasion taýdan beýan edilşine syn edeniňde, türkmen resmileriniň saýlaw proseslerine örän seresaply çemeleşýändigini görmek mümkin. Sebäbi saýlaw mehanizimi doly, dogry hem-de halkara standartlaryna gabat getirilip geçirilse, onda häkimlik asuda ýol bilen, kanuny ýagdaýda halkyň islän adamlaryna geçip bilýär.

Häzirki türkmen ýolbaşçylary (ýurduň syýasy akymyna täsir edýän topar - prezident apparaty we Daşary işler ministrligi) Türkmenistanda hakyky, adalatly saýlawlary geçirmekden saklanarlar. Häkimligi kanuny ýol bilen çalşyp bilýän saýlaw wirusy türkmen jemgyýetine ýokuşmaz ýaly, bu millet demokratik ýola gönükmez ýaly, ýurduň syýasy durmuşyna agalyk edýän topar halkyň saýlaw proseslerine aktiw gatnaşmaklaryny islemez.

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG