Sepleriň elýeterliligi

Päkistandaky harby operasiýada bäş söweşiji öldürildi


Düýn Päkistanyň demirgazyk-günbatarynda söweşijileriň gizlenýän ýerlerine pilotsyz üçardan urlan zarbalarda bäş adam öldi.

Bu harby operasiýa Owganystan bilen serhetdeş Demirgazyk Weziristan etrabynda geçirildi. Bu regionda talyplar we “Al-Kaýdanyň” söweşijileri hereket edýär diýlip hasaplanylýar.

Soňky üç aýda Owganystanda gijelerine geçirilen harby operasiýalarda ýaragly söweşijileriň 350-den gowragy öldürildi ýa-da ýesir alyndy.

Owganystanyň resmileriniň, şol sanda, prezident Hamid Karzyýyň garşy çykmagyna-da garamazdan, NATO-nyň wekilleri şeýle operasiýalaryň dowam etdiriljekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG