Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa harby jenaýatlarda şübhe bildirilýär


Düýn Hagadaky Halkara jenaýat sudunyň prokurory Luis Moreno-Okampo harby jenaýatlarda şübhe bildirilip, Demirgazyk Koreýa bilen baglanyşykly deslapky derňewleriň başlanandygyny yglan etdi.

Prokuroryň sözlerine görä, bu ýerde gürrüň ýakynda Günorta Koreýanyň Ýonphendo adasyna edilen hüjüm barada barýar.

Şu ýylyň mart aýynda üsti 46 deňizçili Günorta Koreýanyň “Çhonan” gämisiniň gark bolma fakty boýunça-da derňewler geçiriler.

Bu wakada Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýany aýyplaýar. Emma Demirgazyk Koreýa öz torpedo raketasynyň gämini gark edendigi baradaky aýyplamany ret edip, bu wakada ABŞ-ny aýyplaýar.

Bu wakalar Koreýa ýarym adasynda ýagdaýyň üzül-kesil ýitileşmegine getirdi.
XS
SM
MD
LG