Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Argentina Palestin döwletiniň garaşsyzlygyny ykrar edýär


Düýn Braziliýanyň yzysure Argentinanyň Daşary işler ministrligi hem Palestin döwletiniň özbaşdaklygyny resmi ýagdaýda ykrar edýändigini mälim etdi.

Argentinanyň Daşary işler ministrliginiň bu baradaky beýanatynda Ysraýylyň 1967-nji ýylda Gaza sektoryny we Iordan derýasynyň günbatar kenaryny basyp almazyndan öň Palestina degişli territoriýalaryň kanunydygyny ykrar edýändigi aýdylýar.

Braziliýa şeýle ädimini geçen hepdäniň anna güni yglan edipdi.

Ysraýyl bu iki karary “gynandyryjy” diýip atlandyrdy we “palestin territoriýasynda garaşsyz döwlet diňe Ysraýyl bilen ýaraşyk gepleşikleriniň netijesinde döräp biler” diýip nygtady.

Diplomatik çeşmeleriň maglumatyna görä Latyn Amerikada ýene iki ýurt - Urugwaý bilen Paragwaý hem Palestin döwletiniň garaşsyzlygyny ykrar etmäge taýýar.
XS
SM
MD
LG