Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa banky «WikiLeaks»-i esaslandyryjynyň hasabyny doňdurdy


Düýn Şweýsariýanyň PostFinance banky «WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjyň bank hasabyny doňdurýandygyny habar berdi.

Bu bankda Julian Assanjyň şahsy süýşürintgileri we aklawçylara töleg üçin serişdeleri goýlupdyr.

Bankda pul goýanda, Assanjyň öz ýaşaýan ýerini Ženewa diýip görkezendigini, emma barlanyp görlende, bu maglumatyň ýalan bolup çykandygyny PostFinance banky habar berýär.

Ýakynda Birleşen Ştatlara degişli gizlin diplomatik hatlaryň ýüz müňlerçesesini internet arkaly ýaýratmak kampaniýasyny ýola goýan Julian Assanj Şwesiýanyň sudy tarapyndan aýal zorlamakda aýyplanyp, oňa halkara gözlegi yglan edildi.

Julian Assanjyň Londonda ýa-da Angliýanyň günorta-gündogarynda gizlenýändigi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG