Sepleriň elýeterliligi

Nasdan söz açsak...


"Ýerli adamlar naskeşligi ilatyñ agyr sosial yagdaýy bilen baglaýarlar..."

"Ýerli adamlar naskeşligi ilatyñ agyr sosial yagdaýy bilen baglaýarlar..."

Milli temmäki diýlip hasaplanýan nas we ony ulanýan naskeşler geçmişde-de, häzirki döwürde-de ýiti tankyt astyna alnypdyrlar we alynýarlar. Beýik Magtymguly Pyragy-da, beýleki nusgawy edebi ägirtlerimizem özleriniň eserlerinde naskeşleriň bu yaramaz gylygyny, olaryň daşky sypatyny, agyzlarynyň hapalygyny ussatlykdan gelen çeper suratlandyrmaga çalşypdyrlar.

Emma muňa garamazdan, türkmenleriň, umuman alanyňda, Orta Aziya regionynda ýaşaýan halklaryň durmuşynda nasam, naskeşlerem hemme wagtlar bolupdyr.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, nas adama zyýandan başga hiç zat berenok. Düzüminde gowaçadyr sazagyň küli, hek we şuňa meňzeş maddalary bolan nas agyz boşlugynda, aşgazanda dürli howply yaralaryň döremegine, dişleriň çüýremegine, olaryň wagtyndan öň dökülmegine getirip bilyär.

Käbir bilermenler nas bakjasynyň yapragynda adamyň başyny aýlap, ony wagtlaýynça beýhuş edip bilýän neşe maddalarynyň hem azda-kände bolmagyny aradan aýranoklar. Bu pikir bilen ylalaşyp bolar, çüňki käbir naskeşler eddil neşekeşler yaly, bu ýaramaz endikden onlarça ýylyň dowamynda-da el çekip bilenoklar.

Naskeşleriň sany artýar

Türkmenistanda nas atýanlaryň umumy sanyny takyk hiç kimem bilenok, çünki bu ýerde naskeşleriň hasabyny hiç bir edaradyr gurama ýöredenok. Emma resmi däl maglumatlardan, yagny, il arasyndaky gürrüňlerden çen tutsaň, soňky 15-20 ýylda naskeşleriň sany ep-esli köpelipdir.

Ýerli adamlar muny ilatyň agyr sosial yagdaýy bilen baglaýarlar. Işsizlik, ýeter-ýetmezçilik köp adamlary hil taýdan pes, saglyk üçin zyýanly, emma nyrhy boyunça elýeterli harytlary satyn alyp ulanmaga mejbur etdi. Nas hem şol arzan harytlaryň içinde hasaplanylýar.

Soňky ýyllarda köp çilimkeşlerem çilimden el çekip, naskeşleriň hataryna goşuldylar, çüňki daşary ýurtlardan getirilyan temmäki önümleriniň bahasy asmana galdy. Adamlar, has hem ýaş ýetginjekler çilime ummasyz köp pul çykaranlaryndan, arzan nas atanlaryny özlerine amatly hasap edýärler.

Mysal üçin, 1 gap filtrli çilimiň ortaça bahasy 3-4 manat bolsa, nasyň 1 paketini 10-20 teňňä satyn alyp bolýar. Üstesine, bir gap çilim çilimkeşiň bir gününe zordan ýetse, naskeşe bir paket nas baryp bir hepdesine ýetip bilýär. Netijede, soňky wagtlar ýurtda naskeşleriň sany gaty köpeldi. Oba ýerlerinde dagy nas atmaklyk birhili moda hem öwrüldi.

Käbir ýerlerde hatda 5-nji klasda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda-da naskeşleriň peýda bolandygyny görmek bolýar. Elbetde, bu gaty gynandyryjy yagday. Naskeşlik polisiya we milli howpsuzlyk gullugynyň, beýleki hukuk goraýjy edaralaryň, ýerli häkimlikleriň, ministrlikleriň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärlerinden hem sowa geçenok.

Gadaganlyk kime peýdaly?

Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet başyna geçensoň, temmäki ornunda ulanylyan nasy ekmek, atmak, satmak, daşamak kanun esasynda gadagan edildi. Gadaganlygy äsgermedikleriň garşysyna jerimeler salnyp başlandy.

Meniň bir tanşym, nasyň janköýeri Atabaý naskeşiň sözlerine görä, nas baradaky girizilen gadagançylyk polisiya işgärlerine täze goşmaça girdeji çeşmesini açyp beripdir. “Puluň bolsa bu ýurtda diňe gadagan edilen zatlary däl-de, eýsem gadagançylyga gözegçilik edýänlerem satyn alyp bolyar” diýip, Atabaý özüniň nas bilen tutulyşy we polisiýa işgärlerine para berip sypyşy barada gürrüň berdi.

Polisiya işgärleri bazarlarda, awtostansiýalarda, demir ýol duralgalarynda we beýleki köpçülik ýerlerinde nas atýanlary, hususy melleginde nas ösümligini ekýänleri ýa-da ony satýanlary ele salyp bilseler, olar telpeklerini göge zyňýärlar. Sebäbi nas bilen tutulanlar olar üçin amatly girdeji çeşmesine öwrülýar.

“Aý, näme, indi hemmeler polisiýa bilen mazaly öwrenşipdirem. Nas bilen tutulanyňda-da gorkar ýaly zat ýok. Täze onlukdan birini berseň, seni şol bada goýberýärler. Ýüz manat jerime töläniňden, on manat para bereniň gowy dälmi näme?” diýip, Atabaý tanşym menden jogap bermesi kyn soragy maňa berýär.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG