Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks”-iň ýolbaşçysy Britaniýada tussag edildi


Fotožurnalistler Julian Assanjy alyp barýan polis ulagynyň içini surata düşüryärler. London, 7-nji dekabr, 2010.
Fotožurnalistler Julian Assanjy alyp barýan polis ulagynyň içini surata düşüryärler. London, 7-nji dekabr, 2010.

Britaniýanyň polisiýasy “WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjyň şu gün tussag edilendigini habar berdi.


Assanjyň tussaglygy Şwesiýanyň häkimiýetleriniň resmi görkezmesi bilen amala aşyryldy. Londonyň polisiýasynyň sözlerine görä, Julian Assanjyň tussaglygyna onuň Şwesiýada jynsy taýdan kanun bozmalara dahyllylykda şübhelenmegi sebäp bolupdyr.

Awstraliýaly 39 ýaşly Julian Assanjyň “WikiLeaks” saýty ýüz müňlerçe gislin maglumatlary köpçülige ýaýratdy.

Julian Assanj Londonyň polisiýasy bilen gepleşik geçirmek üçin öz aklawçylary tarapyndan 7-nji dekabrda bellenen duşuşyga baranda, ony Londonyň polisiýasy tussag astyna aldy.

“WikiLeaks”-i esaslandyryjy Julian Assanj resmi talaba görä tussag edildi we ol günüň dowamynda ylalaşdyryjy suduň öňünde durmaly. Sudda Assanjyň aklawçylarynyň onuň girew goýup, tussaglykdan çykarylmagyny soramaklaryna garaşylýar.

Assanja ýöňkelýän günä

Julian Assanj Şwesiýanyň sudunyň çykaran görkezmesi esasynda tussag edilip, oňa jyns jenaýatçylygynda şübhe bildirilýär.

Assanj özüne bildirilýän aýyplary ret edýär. Onuň aklawçysynyň aýtmagyna görä, bu wakanyň “syýasy” matlaby bar.

“WikiLeaks” internet saýtynyň amerikanyň diplomatik maglumatlaryny köpçülige aýan etmeginden soňra, Assanjyň käbir bank hasaplary hem doňdurylypdy.

Julian Assanj özüne ýöňkelýän günäleri, şol sanda zorluk bilen bagly aýyplamalary ret edýär we aýyplamalaryň özüne garşy töhmet atyjy kampaniýanyň bir bölegi bolup durýanlygyny aýdýar.

“WikiLeaks” ABŞ-nyň gizlin diplomatik hatlaryny çap edip başlaly bäri, Assanj we onuň “WikiLeaks” saýty barha güýçlenýän basyşlar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

“WikiLeaks”-iň metbugat wekili Assanjyň tussag edilmegini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygyna edilen hüjüm diýip atlandyrdy. Emma, sol bir wagtyň özünde-de, ol bu saýtyň gizlin dokumentleri çap etmek işini togtatmajagyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG