Sepleriň elýeterliligi

Estrada ýyldyzy Nury aradan çykdy


Nurmuhammet Meredow

Nurmuhammet Meredow

Türkmen estradasynyň tanymal aýdymyçysy Nurmuhammet Meredow 5-nji dekabrda agşam 38 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bagşy 6-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigindäki Seýit Jemaleddin öwlüýäsinde jaýlandy.

Nury 1990-njy ýyllaryň başynda özüniň ýerine ýetiren estrada we halk aýdymlary bilen ýaşlaryň we ýaşuly nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanyp başlaýar.

Nurmuhammet Meredow heniz 19 ýaşyndaka Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýylynda geçirilen “Ýaňlan Diýarym” bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.

Nury Meredow ilki başda ussat bagşy Akmuhammet Saparowyň şägirdi hökmünde tanalan hem bolsa, soňra ol öz estrada ýoluny döretmegi başarýar. Häzir oňa öýkünip aýdym aýdan bagşylar barmak basyp sanardan köp.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýyldyzy Nurmuhammet Meredowyň repertuarynda 1000-e golaý aýdym bolup, onuň aýdymlary toý bagşylarynyň arasynda iň köp aýdylýan aýdyma öwrüldi.

Magtymgulynyň sözlerine döredilen “Hezret Alydyr”, “Muhammet”, “Ýagşydyr”, tejenli Aga Teke şahyryň sözlerine döredilen “Ýetende”, “Bolmasa”, “Garratma meni”, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine döredilen “Razy men bu dünýäden” ýaly Nurynyň ýerine ýetiren onlarça aýdymlaryny ýaşuly nesil hem höwes bilen diňleýär.

Iki ogluň, bir gyzyň atasy Nurmuhammet Meredow gysga ömründe halypa hökmünde ykrar edilip, dünýeden ötdi. Onuň aradan çykandygy baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda il arasyna ýaýrady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG