Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň resmisi para almakda tussag edildi


Orsýetiň Baş prokuraturasynyň berýän maglumatlaryna görä, düýn ýurduň Goranmak ministrliginiň Moskwadaky gurluşyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Sergeý Ýemelin uly mukdarda para almakda aýyplanyp, tussag edilipdir.

Sergeý Ýemeline bildirilýän aýyplamalarda aýdylmagyna görä, ol gurluşyk işleri öz wagtynda tamamlandy diýen tassyknamany bermegi üçin gurluşyk şirketlerinden para alypdyr.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, Sergeý Ýemelin 4.5 million rubl möçberinde para alyp duran wagty tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG