Sepleriň elýeterliligi

RFE/RL-niň prezidenti Gazagystanda möhüm duşuşyklar geçirdi


Düýn Astanada Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeffri Gedmin Gazagystanyň premýer-ministri Karim Massimow, ýurduň parlamentiniň ýokary derejeli agzalary, ýerli žurnalistler we hokümete degişli bolmadyk guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Jeffri Gedmin üç günlük saparynyň çäginde metbugat azatlygy meseleleri barada gepleşik geçirýär.

Gedmin bilen Massimow Azatlyk Radiosynyň Gazagystandaky býorosynyň geljegi we ýerli telewideniýe bilen mümkin hyzmatdaşlyklar barada-da gürrüň etdiler.

“Gazgystanyň premýer-ministri we hökümet agzalary bilen gepleşikler açyk we konstrukiw ýagdaýda geçdi” diýip, Jeffri Gedmin belledi.

Şeýle-de, düýn Gedmin Azatlyk Radiosynyň ýerli býurosyna baryp, onuň işgärleri we ýerli žurnalistler bilen duşuşdy.

Jeffri Gedmin Gazagystanda ÝHHG-niň resmileri, metbugat işgärleri we ýerli žurnalistleriň öňünde çykyş edip, garaşsyz žurnalistleri türgenleşdirmek üçin regional merkezi döretmek pikirini hem orta atdy.
XS
SM
MD
LG