Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan partlamalaryň arkasynda Orsýetiň durandygyny aýdýar


Düýn Gürjüstan ýakynda amala aşyrylan partlamalaryň arkasynda Orsýetiň durandygyny, şeýle-de bu waka bilen baglylykda alty adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda tussag edilen şol alty adam Orsýetiň harbylary tarapyndan türgenleşdirilipdir.

Berilýän maglumatlara görä, şol tussaglylar ýurtda partlamalary amala aşyrmak üçin Orsýetiň aňtaw gullugynyň ofiserleri tarapyndan türgenleşdirilipdirler.

Şol partlamalardan biri Birleşen Ştatlaryň Tbilisidäki ilçihanasynyň golaýynda bolupdy.
XS
SM
MD
LG