Sepleriň elýeterliligi

Gejlek ýyldan britan esgerleriniň Owganystany terk edip başlamaklary mümkin


Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameronyň aýtmagyna görä, eýýäm gejlek ýyldan britan esgerleriniň Owganystany terk edip başlamaklary mümkin.

"Geljek ýyl barada aýdylanda, meniň pikirimçe, bu mümkin. Biz bu ýer üçin zerur bolan zady amala aşyrmalydyrys. Meniň şu günki gören zatlarym maňa optimist bolmaga sebäp döredýär” – diýip, Kameron düýn Britaniýanyň Owganystandaky harby bazasynda eden çykyşynda belledi.

Düýn Dewid Kameron Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen hem gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Kameron Owganystanda dokuz ýyl bäri alnyp barylýan söweşlerde bu ýyl “hakyky üstünlikleriň” gazanylandygyny aýtdy.

Häzirki wagt Owganystanda jemi 9 müň 500 çemesi britan esgeri gulluk alyp barýar.
XS
SM
MD
LG