Sepleriň elýeterliligi

“WikiLeaks” Birleşen Ştatlaryň Orsýet baradaky syrlaryny aýan edýär


2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstanyň çaknyşygyndan soňra, Birleşen Ştatlaryň Baltika döwletlerini we Polşany goramak planlaryny ýaýbaňlandyrmagy karar edendigi “WikiLeaks”-iň ýaýradan soňky gizlin diplomatik maglumatlarynda aýdylýar.

Berilýän maglumatlara görä, NATO Estoniýany, Latwiýany, Litwany we Polşany goramak üçin ýörite plany işläp düzüpdir. Şeýle-de, bu planlary Orsýet-NATO gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrmazlyk üçin köpçülige aýan etmezligiň karar edilendigi hem aýdylýar.

“WikiLeaks” internet saýty ýakynda Birleşen Ştatlaryň 250 müň töweregi gizlin diplomatik dokumentlerini köpçülige aýan etmäge başlady. “WikiLeaks”-iň bu hereketi Birleşen Ştatlaryň resmileri tarapyndan ýazgarylyp, bikanun diýlip atlandyrylýar.
XS
SM
MD
LG