Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň premýer-ministri Aşgabatdaky gepleşiklere gatnaşmaz


Hindistanyň resmileri ýurduň premýer-ministri Manmohan Singhiň Aşgabatdaky TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) gaz geçiriji proýekti boýunça gepleşiklere gatnaşmajakdygyny habar berdiler.

Bu gepleşiklere Türkmenistanyň, Owganystanyň we Päkistanyň prezidentleri gatnaşarlar.

Berilýän maglumatlara görä, Hindistanyň premýer-ministri Singh 10-11-nji dekabr aralygynda Brýusselde Hindistan-Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky sammite gatnaşýanlygy sebäpli Aşgabada baryp bilmeýär.

Manmohan Singh ýurduň nebit ministri Murli Deoradan Hindistanyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk etmegini sorapdyr.
XS
SM
MD
LG