Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl bilen ABŞ gurluşykly meselelerde ylalaşyp bilmedi


Düýn Palestinanyň basylyp alnan territoriýalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna girizilen moratoriýanyň möhletini uzaltmak boýunça Ysraýyl bilen ABŞ-a ylalaşyk gazanmak başartmady diýip, Ysraýylyň köpçülikleýin habar serişdeleri habar berdi.

Palestin topragynda ysraýyllylar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gadaganlyk Ysraýyl bilen Palestin awtonomiýasynyň arasynda göni ýaraşyk gepleşiklerinde örän möhüm mesele bolup durýar.

Emma Iordan derýasynyň Günbatar kenarynda Ysraýyl tarapyndan gurluşyk işleriniň ýaňadan başlanmagy sebäpli, sentýabr aýynda şol gepleşikleriň arasy kesilipdi.

Palestinliler gepleşiklere başlamak üçin geljekde Palestin döwletiniň territoriýasyna girjek ýerlerde gurluşyk işleriniň togtadylmagyna aýak direýär.
XS
SM
MD
LG