Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa terrorçyny Liwiýanyň basyşy astynda boşadypdyr


«WikiLeaks» internet saýty Beýik Britaniýanyň 1988-nji ýylda Şotlandiýanyň Lokberi şäheriniň ýokarsynda amerikan uçarynyň partladylmagynda aýyplanyp, türmä basylan Abdylbaset Megrahyny Liwiýanyň gysyşy astynda azatlyga çykarandygyny ýazýar.

«WikiLeaks» internet saýtynyň bu maglumatyndan Liwiýanyň lideriniň Beýik Britaniýa bilen söwda gatnaşyklaryny kesmek we diplomatik gatnaşyklary gowşatmak barada haýbat atandygy belli bolýar.

Beýik Britaniýanyň resmileri ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen Abdylbaset Megrahyny ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan azatlyga çykarylandygyny yglan edipdiler.

1988-nji ýylda şol gürrüňi edilýän uçar partlananda 270 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG