Sepleriň elýeterliligi

«WikiLeaks»-i esaslandyryjy öz saýtyny gorap çykyş etdi


«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj düýnki çap edilen makalasynda öz saýtynyň işini gorap çykyş etdi.

Öz watany Awstraliýanyň in esasy gazetleriniň birinde çap edilen bu makalasynda Assanj häkimiýetleriň hereketlerine kontrollyk etmek üçin demokratiýanyň güýçli habar serişdelerine mätäçdigini nygtaýar.

Assanjyň pikiriçe, «WikiLeaks» hut şeýle roly oýnaýar. Julian Assanj öz makalasynda «WikiLeaks» saýtynda ABŞ-nyň gizlin diplomatik materiallarynyň çap edilmegi ABŞ-nyň bähbitlerini we anyk adamlaryň ömrüni howp astyna salýar diýen aýyplamany hem inkär edýär.

Julian Assanj düýn Beýik Britaniýada tussag edildi. Londonyň sudy Assanjy Şwesiýa ekstradisiýa etmelimi ýa etmeli däl diýen meselä seredýär. Ol Şwesiýada jynsy zorluklarda aýyplanylýar. Assanjyň özi bu aýyplamany toslama diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG