Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ysraýyly «öz gününe» goýmakçy


Filip Krowleý: “Jaý gurluşyklarynyň doňdurylmagy üçin edilen tagallalar başa barmady”.
Filip Krowleý: “Jaý gurluşyklarynyň doňdurylmagy üçin edilen tagallalar başa barmady”.

Birleşen Ştatlar Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyklarynyň moratoriýasyny uzaltdyrmak ugrunda Ysraýyl bilen alyp barýan gepleşiklerini bes edýändigini yglan etdi.


Waşingtonyň bu beýanaty Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky göni ýaraşyk gepleşiklerini gümürtik ýagdaýa saldy.

20 aýlap dowam eden arakesmeden soň, şu ýylyň sentýabrynda Waşingtonda täzeden ýola goýlan göni gepleşiklere prezident Barak Obamanyň özi ýolbaşçylyk edipdi. Ýöne Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenarynda jaý gurluşygyna girizen moratoriýasy tamamlanansoň, bu gepleşikler togtady.

Düýn, 7-nji dekabrda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Filip Krowleý jaý gurluşygynyň täzeden doňdurylmagy üçin ençeme aýlap edilen diplomatik tagallalaryň başa barmandygyny aýtdy.

“Biz birnäçe wagtlap moratoriýa we onuň möhletiniň uzaldylmagy taraplaryň arasynda togtan dialogy doly manyda öňe gidermek üçin iň gowy mehanizm bolar diýip, pikir edipdik. Ýöne häzirki wagt biz ýagdaýy öňe ilerletmek üçin bu gutarnykly bir esas däl diýen netijä geldik” diýip, Krowleý belledi.

«Birleşen Ştatlara urlan zarba»

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň kömekçisi Ýasser Abed Rabbo okkupirlenen ýerlerdäki gurluşygy doňdurmak barada alnyp barylýan tagallalaryň bes edilmegini Birleşen Ştatlara Ysraýyl tarapyndan urlan zarba diýip atlandyrdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuwyň hökümeti tarapyndan ýaýradylan beýannamada: “Ysraýyl palestinalylar bilen bir taryhy ýaraşyk ylalaşygyna gelmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirmek niýetinde berk dur. Palestinalylaryň Ysraýylyň milli we howpsuzlyk bähbitlerini gorap, özbaşdaklyga gowuşmaklarynyň mümkindigine Ysraýyl ynanýar” diýilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Filip Krowleý Waşingtonyň Orta Gündogaryň parahatçylyk prosesini herekete getirmek üçin täze ýollary agtarmagy dowam etdirjekdigini bildirdi.

Ol, hususan-da: “Biz taraplar bilen düýpli meseleler barada ýene gürleşeris. Olaryň arasynda birek-birege ynam döretmegiň ýollaryny agtaryp, göni gepleşiklere getirmek üçin edýän tagallalarymyzy dowam etdireris” diýdi.

Ýaraşyk ugrunda tagalla ediler

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsiniň aýtmagyna görä, Ysraýyl we Palestina tarapyndan gepleşik geçirýän wekilleriň geljek hepde Waşingtona gelip, ýaraşyk prosesini diri saklamak barada amerikan administrasiýasy bilen gürleşmegine garaşylýar.

2-nji sentýabrda Waşingtonda geçen gepleşiklerde Mahmud Abbas bilen Benýamin Netanýahu bir ýylyň içinde esasy meseleler hakda ylalaşmaga synanyşjakdyklaryny aýdypdylar. Bu geljekki Palestina döwletiniň serhetleri, palestinaly bosgunlaryň ykbaly, Ierusalim şäheriniň statusy ýaly meseleleri öz içine alýar.

Ýöne 26-njy sentýabrda Ysraýyl Iordan derýasynyň günbatar kenarynda jaý gurluşyklaryna başlansoň, palestinalylar gepleşiklerden çekildiler. Olar Ysraýyl geljekki Palestina döwletine gerekli ýerlerde jaý gurup ýörkä, gepleşik geçirmejekdiklerini aýdýarlar.

Netanýahu hem palestinalylar Ysraýyly ýewreý döwleti diýip ykarar etse, jaý gurluşygyny doňdurmagy teklip etdi.
XS
SM
MD
LG