Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Moskwa umyt berýär


Prezident D.Medwedew Brýusselde gurnalan metbugat konferensiýasynda. 7-nji dekabr, 2010.
Prezident D.Medwedew Brýusselde gurnalan metbugat konferensiýasynda. 7-nji dekabr, 2010.

Düýn Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki Sammitinde gol goýlan birek-birege düşünişmeklik jarnamasy Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň öňündäki möhüm päsgelçilikleri aýyrdy diýlip hasaplanylýar.


Brýusseldäki dokumende Ýewropa Bileleşiginiň söwda boýunça komissary Karel de Guht we Orsýetiň ykdysadyýet ministri Elwira Nabiullina gol goýdy.

Bu Sammitiň dowamynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso bilen duşuşdy.

Şol duşuşyklardan soňky metbugat konferensiýasynda prezident Medwedew öz ýurdunyň tiz wagtda Bütindünýä söwda guramasyna goşuljakdygy barada optimistik pikirdedigini aýtdy.

“ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen gol goýlan ylalaşyklardan soňra, Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy hakykata öwrülýär” diýip, Medwedew belledi.

Moskwa üçin umytlar bar…

Geçen aý Moskwa çig mallaryň eksportuna tarifleri kemeldýändigini yglan etmek bilen, gurama goşulmaga berk taýýarlyk gördi. Oňa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Finlandiýa köpden bäri garşy bolup gelipdi.

Dünýäniň iri ykdysadyýetli ýurdy Orsýet köpden bäri Bütindünýä söwda guramasyna agza bolup bilmän gelýär. Moskwa Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşygyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak baradaky arzuwlaryň täze ýylda hasyl bolmagyna getirjekdigine umyt edýär. Düýn Jose Manuel Barroso hem munuň “reýallykdygyny” aýtdy.

Prezident Medwedew Polşa eden resmi saparynyň yzysüre Brýussele barypdy. Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowskiý Moskwanyň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygynyň iki ýurduň, şol sanda, Ýewropa Bileleşiginiň hem ykdysady hyzmatdaşlygyna bähbitli boljakdygyny tekrarlady.

Brýusseldäki Sammit şu ýylyň oktýabrynda ABŞ bilen Orsýetiň uzak dowam edýän oňşuksyzlyklaryna belli bir çözgütler tapylandan soň mümkin boldy. Waşingtonyň we Moskwanyň bu ylalaşygy Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy üçin peýdaly ylalaşyk hasaplanylýar.

Gürjüstan şert goýýar

Emma, Bütindünýä söwda guramasynyň agzasy Gürjüstan Orsýetiň bu söwda guramasyna goşulmagyna garşy çykyş edip gelýär.

Gürjüstanyň premýer-ministri Nika Gilauriniň metbugat wekili Mçedlişwili Tbilisiniň bu babatdaky pozisiýasynyň üýtgemändigini mälim etdi.

“Gürjüstan edil ozalkylary ýaly talaplary öňe sürýär. Ýagny, Abhaziýadaky Psou derýasyndaky, Shinwali regionyndaky gümrük we serhet barlag merkezleriniň kanunlaşdyrylmagyny talap edýär. Bu biziň gün tertibimizde galan ýeke-täk meselämiz. Gürjüstanyň bu ugurdaky pozisiýasy üýtgewsizdir. Häzirki ýagdaýda Gürjüstan Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilmegini goldamaz” diýip, Mçedlişwili belledi.

Şonuň ýaly-da, bu Sammitde Orsýet öz raýatlarynyň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara wizasyz girmegi baradaky haýyşyny hem şu gün maslahatlaşar diýlip garaşylýar.

22-nji noýabrda Ukraina bilen geçiren Sammitinde Ýewropa Bileleşigi ukrainalylaryň wizasyz syýahat etmegi baradaky “ýörite planyny” yglan etdi. Orsýetiň raýatlarynyň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara wizasyz syýahat etmegi barada Moskwanyň arzuwy ýakyn geljekde amala aşmaz diýip, Ýewropanyň syýasatyny öwrenýän Brýusseldäki barlaglar merkeziniň eksperti Maýkl Emerson aýdýar.

“Men bu ugurda köp zada garaşmaýaryn. Sebäbi, eger muňa rugsat edilse, onda düýpli problemalaryň döremegi mümkin. Ylaýta-da, Demirgazyk Kawkazyň we Çeçenistanyň raýatlary Bileleşige agza ýurtlara wizasyz girseler, onda içeri işler ministrleri üçin käbir problemalaryň ýüze çykmagy ahmal” diýip, Maýkl Emerson bu mesele barada öz garaýşyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG