Sepleriň elýeterliligi

Saud arabystanly jenaýatçy bäş wagtyna azan aýtmaga höküm edildi


Düýn Saud Arabystanyň Badr etrabyndaky sud bir jenaýatça bir aýyň dowamynda ýerli metijitde azan aýtmalydygy barada höküm çykardy.

“Al-Riýad” gazetiniň maglumatyna görä, bu adam ogurlyk bilen bagly maglumatlary ýaşyrmakda aýyplanypdyr.

Şol jenaýatçy günüň dowamynda bäş wagtyna azan aýtmagyň üstesine-de, Gurhanyň käbir aýatlaryny ýat tutmaga-da borçly edilipdir.

Saud Arabystanda yslam kanunlary berk berjaý edilýär, kähalatlarda olary bozan adamlara ten jezalary hem berilýär.
XS
SM
MD
LG