Sepleriň elýeterliligi

Çiliniň türmesinde dörän ýangyn sebäpli azyndan 81 tussag öldi


Düýn Çiliniň paýtagty Santýagodaky türmede dörän ýangyn sebäpli 81 tussagyň ölendigi, başga-da 19 tussagyň hem agyr ýara alandygy habar berildi.

Bu ýangynyň döremegine näme sebäp bolandygy häzirlikçe anyk däl.

Ýerli žurnalistleriň aýtmagyna görä, 700 adama niýetlenen şol türmede 1 müň 900 töweregi tussag saklanýar eken.

Berilýan maglumatlara görä, ýangyn söndürijiler ýangyn döräninden iki sagat soňra ody söndürmäge girişipdirler.

Tussaglaryň ýakynlarynyň aýtmagyna laýyklykda, polisiýa işgärleri türmäniň derwezelerini ýapyp, ýangyn söndürijileriň girmegine böwet bolupdyrlar.
XS
SM
MD
LG