Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň bazaryndaky partlatmada azyndan 15 adam öldi


Düýn Päkistanyň Kohar etrabyndaky bazarda janyndan geçen bir hüjümçiniň özüni partlatmagy sebäpli, azyndan 15 adamyň ölendigi we 25 töweregi adamyň şikes alandygy habar berildi.

Bu partlama Peşawar şäherinden 70 kilometr uzaklykdaky Kohar etrabynyň Tirah bazarynda amala aşyrlypdyr.

Bu partlamanyň nämäni nyşana alandygy barada entek anyk maglumatlar gowuşmady.
XS
SM
MD
LG