Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA korrupsiýa bilen bagly aýyplamalary inkär edýär


Düýn Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Sepp Blatter 2018-nji we 2022-nji ýyllarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerleri bilen bagly FIFA-nyň adresine aýdylan korrupsiýa aýyplamalaryny inkär etdi.

Şweýsariýanyň “Weltwohe” žurnalyna bu barada beren interwýusynda Sepp Blatter şeýle gümanlaryň esassyzdygyny we bu meselede Beýik Britaniýanyň ýeňilmek islemändigini aýtdy.

FIFA-nyň ýörite geňeşiniň karary bilen, 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionaty Orsýetde geçiriler. Ýaryşyň geçiriljek ýerini saýlamak boýunça bäsleşikde Orsýetiň esasy bäsdeşi Beýik Britaniýa bolupdy.
XS
SM
MD
LG