Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi Serbiýanyň gelen kararyny tankyt edýär


2010-njy ýyl üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasyny boýkot etmek barada serb häkimiýetleriniň kararyny düýn Ýewropa Bileleşigi tankyt etdi.

Serbiýanyň içeri işler ministri Wuk Eremiç häzir türmede oturan hytaýly dissident Lýu Sýaobonyň laureatlygynyň hormatyna Osloda anna güni boljak dabara serb wekilleriniň gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň giňelmek meselesi boýunça bölüminiň başlygy Ştefan Fýule “Ýewropa Bileleşigine goşulmaga ýykgyn edýän Serbiýanyň bu hereketinden göwnümiz galdy we ol bizde alada döredýär” diýdi.

Belgradyň bu kararyna köpler Kosowo boýunça meselede Serbiýanyň pozisiýasyna Pekiniň beren goldawyna minnetdarlyk hökmünde garaýarlar.
XS
SM
MD
LG