Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl we palestin wekilleri ýakynda Waşingtonda duşuşar


Düýn Palestin awtonomiýasynyň häkimiýetleri ýewreý obalarynyň gurluşygyny togtatmak baradaky moratoriýanyň möhletini uzaltmaga Ysraýyly yrmak işini goýbolsun edýändigi barada ABŞ-nyň beýannamasyna alada bildirdi.

Palestin hökümetiniň resmisi Gassan Hatyb “Basylyp alnan territoriýalarda alnyp barylýan gurluşyklary doňdurmak Ysraýyl bilen göni gepleşikleriň baş şerti bolup durýar” diýip nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti hepdäniň sişenbe güni Waşingtonyň Ýakyn Gündogar konfliktini kadalaşdyrmak boýunça palestin-ysraýyl göni däl gepleşiklerine dolanmagyň täze mümkinçiliklerine seredýändigini mälim etdi.

Bu maglumata görä, Palestin awtonomiýasynyň ýörite wekili S.Erakat bilen Ysraýlyň goranmak ministri E.Barak ýakyn wagtlarda Waşingtona barar we ABŞ-nyň wekilleri bilen ýaraşyk gepleşiklerini dikeltmegiň ýollaryny maslahatlaşar.
XS
SM
MD
LG