Sepleriň elýeterliligi

Assanjyň tarapdarlary bank töleg sistemalaryna hüjüm edýärler


Amerikanyň “Mastercard” we Şweýsariýanyň “PostFinance” banklarynyň töleg sistemaly websaýtlaryna düýn hakerleriň eden güýçli hüjümleri sebäpli, olaryň işi wagtlaýynça togtady.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjyň tarapdarlary öz üstlerine aldylar.

Bu wakanyň öňýany “Mastercard” we başga-da ençeme bank sistemalary “WikiLeaks” uçin ugradylan pullary kabul etmekden ýüz öwrüpdiler. Şweýsariýanyň “PostFinance” banky bolsa, Julian Assanjyň bank hasabyny doňdurypdy.

Üç gün mundan ozal awstraliýaly Julian Assanj Şwesiýanyň haýyşy bilen Londonda tussag edildi.
XS
SM
MD
LG