Sepleriň elýeterliligi

11-nji dekabrda Aşgabatda Halkara konferensiýasy geçiriler


8-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 15 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Halkara konferensiýasynyň geçiriljekdigi mälim edildi.

Maglumata görä, oňa köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, döwlet işgärleri, daşary işler ministrleri, diplomatlar we syýasaty öwrenijiler gatnaşarlar.

11-nji dekabrda geçjek bu foruma 32 döwletden wekilleriň barjakdygy habar berilýär. Konferensiýa, şeýle-de, abraýly halkara we regional guramalaryň ýolbaşçylary we ýokary derejeli wekilleri-de gatnaşarlar.

Türkmenistanyň habar agentligi bu guramalaryň hatarynda BMG, ÝHHG, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly guramalaryň we birleşmeleriň hem bardygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG