Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda metjitlerden haraý tapylýar


Täjik ýaşlary Kurgondepe şäherindäki metjitlerden birinde. 4-nji awgust, 2010.
Täjik ýaşlary Kurgondepe şäherindäki metjitlerden birinde. 4-nji awgust, 2010.

Täjigistanly ýetginjek Farhod Hasanow häzirki digital döwürde dünýäniň başga ýerlerinde ýaşlaryň arasynda adaty zat hasaplanylýan e-mail ýa-da Facebook ýaly zatlaryň adyny-da eşitmändigini aýdýar.


17 ýaşly mekdep okuwçysy Farhod Hasanow demirgazyk Täjigistanda, Tagisada obasynda ýaşaýar. Bu ýerde adamlar eklenç üçin ýa ekerançylyk edýärler ýa-da Orsýete gidip işlelýärler.

Farhod bilen onuň dostlarynyň aglabasy ozal medresede okaýan ekenler. Ýöne olar indi medresäniň howlusynda öz wagtlaryny geçirýärler, şol ýerde oýnaýarlar. Sebäbi häkimiýetler birnäçe ýyl mundan ozal medresäni ýapypdyrlar. Muňa hem onuň talyplarynyň käbiriniň Owganystandaky ekstremistik toparlara goşulandyklary baradaky myş-myşlar sebäp bolupdyr.

Bu iş ekstremistik toparlaryň yslamyň Täjigistanda barha artýan täsirinden peýdalanyp, özlerine dindarlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasyndan tarapdar gözleýänligi üçin edilipdir.

Yslamyň täsiri artýar

Täjigistanda yslamyň täsiri gitdigiçe artýar. Synçylar täjik ýaşlarynyň sowet döwründe önüp-ösen ene-atalaryndan has dindardygyny aýdýarlar.

Häkmiýetler soňky ýyllarda Farhodyň gatnan medresesi ýaly hasaba alnan medreselerden daşary hasaba alynmadyk ençeme medresäni-de gadagan edipdirler. Käbir ymamlaryň çagalara rugsat edilmedik dini sapaklary berýänligi güman edilip, soňky wagtlar polisiýa ençeme metjitlerde barlar geçiripdir.

Namazyny sypdyrman, metjitde okaýan Farhod öz dostlary bilen şol ýerde duşuşýandygyny aýdýar. Ol: “Başga ýere gidemok. Obamyzda sport merkezi ýa ýaşlar kluby ýok” diýýär. Ilatynyň 70 prosent töweregi oba ýerlerinde ýaşýan Täjigistanda bu umumy problema.

Täjigistanyň din baradaky Geňesiniň öňki ýolbaşçysy we premýer-ministriň öňki orunbasary Hoja Akbar Turajonzoda hem “Başga özara ýygnanyşara ýeriň ýoklugy üçin, oba adamlarynyň ýygnanýan ýeri metjit bolýar” diýýär.

“Täjigistanda metjitleriň köplenç iki otagy ýa zaly bar. Bularyň biri namaz zaly, beýlekisinde hem adamlar duşuşýarlar. Namazdan soň ýaşy ulurak adamlar öýlerine gaýdýarlar. Ýaşlar ýarygijä ýa ertire çenli şol ýerde galyp, nahar edinýärler ýa kart oýnaýarlar” diýip, Turajonzoda ýagdaýy suratlandyrýar.

Geljege umyt barmy?

Beýleki ýaşlar ýaly, 17 ýaşly Farhod Hasanow hem oňat gelejegi arzuwlaýar. Ol söwdegär bolmagy ýa bir bankda işlemegi isleýär. Ýöne bu arzuwynyň hasyl boljagyna özi-de kän bir ynanyp baranok. Ol: “Geljek tomus mekdebi tamamlanymdan soň, işçi bolup Orsýete gitmegim mümkin. Gowy işe ýa uniwersitete girjek bolsaň, para bermeli diýip eşitdim. Meniň enem-atamyň bolsa puly ýok” diýýär.

“Şäherde gowy işler bar. Ýöne olara girjek bolsaň, gowy iňlisçe bilmeli hem-de kompýuterden baş çykarmaly” diýip, Farhodyň 17 ýaşly dosty Amonullo Haýydow hem onuň sözüniň üstüni ýetirýär.

Bu garyp ýurduň esasy sosiýal problemalarynyň biri işsizlik. Täjigistanyň yslamçy “Täzeden döreýiş” partiýasynyň ýaşlar komitetiniň başlygy Giýomiddin Awazow: “7 million ilatynyň 60 prosentini ýaşy 25-den aşakdaky ýaşlar emele getirýän ýurduň bu möhüm meseläni çözmegi iň bir zerur mesele bolup dur” diýýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýaşlara agram salýan ýeke işsizilik we garyplyk däl. Syýasy erkinligiň ýoklugy hem bularyň üstüne urna bolýar. Awazow: “Bir adam işsiz galsa, ondan köp zatlara garaşybermeli. Ol köp problema döredip bilýär. Bu aýratyn-da ykdysadyýeti gowşak, ekstremistik elementleriň lapykeç adamlary gözleýän ýurdunda has hem alada döredýän hakykat” diýip, ýagdaýy suratlandyrdy.
XS
SM
MD
LG