Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlindäki Yslam merkezine nobatdaky gezek hüjüm edildi


Düýn Berlindäki Yslam merkezine içi ýangyçly çüýşe zyňlyp, hüjüm edildi diýip, ýerli polisiýa habar berdi. Bu hüjüm şu ýylyň dowamynda Berlinde Yslam binalaryna amala aşyrylan altynjy hüjümdir.

Düýnki hüjüm sebäpli hiç kime şikes ýetmedi. Bu hüjüm netijesinde dörän ýangyn binanyň diňe daşky keşbini zaýalady diýlip habar berilýär.

Bu Yslam merkezi Berlindäki eýranly diaspora degişli.

Polisiýanyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň dowamynda Berliniň iň uly metjidi “Sehitlik” metjidine dört gezek, “Al-Nur” metjidine-de bir gezek hüjüm edilipdir.

Şol hüjümleriň kim tarapyndan amala aşyrylandygy entek anyklanylmady.
XS
SM
MD
LG