Sepleriň elýeterliligi

Katar 2022-nji ýylda geçjek futbol ýaryşyny gyşda geçirmek isleýär


Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 2022-nji ýyldaky Katarda geçjek futbol boýunça dünýä çempiýonatyny tomus paslyndan gyşa geçirmegi teklip etdi.

Munuň sebäbi bu ýurtda tomus paslynda aşa gyzgyn howanyň bolýanlygy bilen bagly.

Düýn Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň başlygy Peter Welappan gyzgyn howa sebäpli käbir ýewropa döwletleriniň bu ýaryşy boýkot etmeklerinden howatyrlanýandygyny aýtdy.

Katarda tomsuna howanyň gyzgynlygy selsiý boýunça 40 gradusa çenli ýetýär.
XS
SM
MD
LG