Sepleriň elýeterliligi

Horwatiýanyň öňki premýer-ministri düýn ýurtdan gaçdy


Korrupsiýada aýyplanyp, garşysyna derňew alnyp barylýan Horwatiýanyň öňki premýer-ministri Iwo Sanader düýn ýurdy terk etdi.

Parlamentiň maslahaty başlanmazyndan bary-ýogy birnäçe sagat öň Iwo Sanader Sloweniýa bilen aradaky serhetden geçdi. Bu wakanyň yzy bilen, ýurduň parlamenti öz mejlisinde onuň deputatlyk eldegrilmesizligini ýatyrdy.

Iwo Sanader 2003-2009-njy ýyllar aralygynda Horwat hökümetine baştutanlyk edipdi. Oňa bildirilýän aýyplamalaryň jikme-jigi habar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG