Sepleriň elýeterliligi

Ukrainadaky reformalaryň çäklerinde 8 ministrlik ýatyrylar


Düýn Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç administratiw reforma bilen bagly premýer-ministr Nikolaý Azarowdan beýleki Ministrler Kabinetiniň ähli agzalaryny işden boşatdy.

Indi onuň 24 ministrlikden diňe 16-syny saklap galmagyna garaşylýar. Bu reformalaryň çäklerinde ministrlikleriň apparatlary-da gysgaldylar.

Ukrain prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy Anna German indi ministrlerde sekiz orunbasaryň ýerine iki orunbasardan boljakdygyny habar berdi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç beýleki bir permany bilen hökümet başlygynyň dört orunbasaryny wezipä täzeden belledi we olaryň borçlaryny kesgitledi. Indi her wise-premýer bir ministrlige baştutanlyk eder.
XS
SM
MD
LG