Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň täze ýadro raketa synagy şowsuz geçdi


Düýn Hindistanyň resmileri täze ýadro raketasynyň ilkinji synagynyň şowsuz geçendigini habar berdiler.

Hindistanyň Gornamak ministrliginiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, “Agni-II plýus” ýer üsti raketasy uçurylandan tiz wagt soňra, ýere gaçypdyr.

Bu raketa Hindistanyň ýadro goranyş strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.

“Agni-II plýus” raketasynyň uçuş mumkinçiligi 2.500 - 3000 kilometr hasaplanylýar. Häzriki wagt Hindistanyň iň güýçli raketasy “Agni-III”, onuň uçuş mumkinciligi 3.500 kilometrdir.
XS
SM
MD
LG