Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň gazetleri galp maglumatlar üçin ötünç soradylar


Düýn Päkistanyň esasy gazetleriniň ençemesi “WikiLeaks” internet saýtynyň maglumatlary diýip ýaýradan ýalan maglumatlary üçin ötünç soradylar.

Iňlis, urdu we arap dillerinde çap bolan şol maglumatlarda, hamala, Birleşen Ştatlaryň resmileri Hindistanyň generallaryny şöhratparaz, egoist we genosid edijiler diýip häsiýetlendiripdirler. Şeýle-de, bu maglumatlarda Hindistanyň hökümetiniň hindi fundementalistleri bilen gatnaşygynyň bardygy nygtalýar.

Britaniýanyň “Guardian” gazeti şol berlen maglumatlaryň hiç biriniň “WikiLeaks”-iň ýaýradan diplomatik telegrammalarynyň arasynda ýokdugyny tassyklady.

“Guardian” gazetiniň ýazmagyna görä, bu waka “WikiLeaks”-iň maglumatlarynyň hyýanatçylykly propoganda maksady bilen ilkinji gezek ulanylmagydyr.
XS
SM
MD
LG