Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gürjüstan gowulykda nusga görkezýär


Gürjüstanyň prezidenti M.Saakaşwili Polisiýanyň gününe bagyşlanan parady kabul edýär. Tbilisi, 6-njy maý, 2010.

Gürjüstanyň prezidenti M.Saakaşwili Polisiýanyň gününe bagyşlanan parady kabul edýär. Tbilisi, 6-njy maý, 2010.

Gürjüstanyň adaty raýatlary ýaňy-ýakynlaram polisiýadan juda gorkýardylar. Sebäbi, köplenç polisiýanyň işgärlerine sataşmaklyk olara para bermek bilen gutarýardy.


Emma soňky döwürde Gürjüstanda korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşiň netijesinde adaty gürjüstanlylaryň polisiýa bolan garaýyşlarynyň-da belli bir derejede üýtgändigi aýdylýar.

Bu barada Tblisiniň adaty raýaty Şalwa Azatlyk Radiýosyna şeýle diýdi: "Dogrudanam, ähli zat özgerdi. Ine, men şuny aýdyp biljek. Bu gowy we ýokary derejede ýaşamak üçin iňňän möhüm zat. Indi ýol gözegçilik polisi hem para almaýar. Polisler ýakynda hatda meniň ulagymyň tekerini mugtyna özleri çalşyp berdiler. Mundan gowy näme bolup biler!?”

Korrupsiýanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän “Transparency International” halkara guramasynyň 2010 njy ýyl boýunça ýakynda ýaýradan hasabatynda-da Gürjüstanda soňky ýyllaryň dowamynda korrupsiýanyň juda kemelendigi habar berildi. Munuň sebäbiniň prezident Mihail Saakaşwiliniň hökümetiniň jemgyýetçilik edaralarynda geçirýän reformalary bilen baglanyşyklydygy nygtalýar.

Beýlekilerden saýlanýar

“Transparency International” guramasynyň Gürjüstandaky baş analitigi Matias Huter hasabat barada şeýle diýdi: "Häzirki wagt Gürjüstan bilen deňeşdirilende, dünýäniň başga hiç bir ýurdunda ilat köpçüligi korrupsiýanyň derejesiniň peselmegine we hökümetiň korrupsiýa garşy göreşine şeýle derejede netijeli baha bermeýärlar. Meniň pikirimçe, bular Gürjüstanyň hökümetiniň parahorlyga garşy alyp barýan göreşiniň juda üstünliklidigine delildir”

“Transparency International” guramasynyň öz hasabatynda nygtamagyna görä, häzir dünýäniň köp ýurdunda, şol sanda Günbatarda we beýleki ösen döweletlerde-de korrupsiýa ösüpdir.

Emma, Gürjüstanda ýagdaýlar tersine. Gürjüstanda pikiri soralanlaryň 78 prosenti
öz ýurdunda korrupsiýanyň kemelendigini aýdýarlar. Olaryň 77 prosenti hökümetiň korrupsiýa garşy “şowly” göreş alyp barýandygyny aýdypdyrlar.

Bu görkezijiler Gürjüstany beýleki post-sowet döwletlerinden has tapawutlandyrýar. Mysal üçin, Orsýetde pikiri soralanlaryň diňe 26 prosenti hökümetiň korrupsiýa garşy üstünlikli göreşýändigini aýtdy, Ukrainada bu görkeziji 16 prosente deň.

Gürjüstanyň Günorta Kawkazdaky goňşy ýurtlary Ermenistanda we Azerbeýjanda pikiri soralanlar korrupsiýanyň artýandygyny aýtdylar. Olaryň diňe ujypsyzja bölegi hökümetiň korrupsiýa garşy göreşmekde üstünlik gazanýandygyny belledi. Bu ýurtlarda pikirleri soralanlaryň aglabasy ýagdaýlaryň üýtgemändigini aýdýarlar.

Hakykatmy ýa gözboýagçylyk?

Gürjüstanyň telekeçilik üçin amatly şertler döredýändigi we korrupsiýa garşy göreşmek ugrunda şowly syýasat alyp barýandygy üçin Dünýä Banky hem-de Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky hem Tbilisini berk goldadylar.

Synçylar Gürjüstanyň korrupsiýa garşy alyp barýan göreşini berk goldaýarlar, Ýöne Gürjüstanyň korrupsiýadan doly saplanmagy üçin entek köp işleriň edilmelidigi hem bellenýär. Aýratynam, ýurtda syýasy partiýalar we sud işi boýunça köp reforma durmuşa geçirilmeli.

Mundan daşary, käbir synçylar Gürjüstanyň hökümetiniň graşsyž habar serişdelerine edýän basyşlary sebäpli, korrupsiýa garşy göreş boýunça “gazanyldy” diýilýän üstünlikleriň hem ýurduň telewideniýesinde hökümetiň ýaýradýan propogandasy bolmagy mümkin diýen garaýyşlary-da öňe sürýärler

Gürjustanyň “Liberali” žurnalyny neşir ediji we onuň baş redaktory Şorena Şawerdaşwiliniň aýtmagyna görä, Gürjüstanyň raýatlarynyň 85 prosenti maglumatlary hökümet telewideniýesinden alýar. Ol şeýle usullar bilen Saakaşwiliniň administrasiýasynyň prezidentiň abraýyny ösdürmekde uly üstünlik gazanandygyny öňe sürýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG