Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda TOPH proýektine ýol açyldy


 TOPH proýektiniň bahasy 7,6 milliard amerikan dollaryna deň bolar diýlip hasaplanylýar

TOPH proýektiniň bahasy 7,6 milliard amerikan dollaryna deň bolar diýlip hasaplanylýar

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň hökümetleri Transowgan gaz geçirijisini gurmak baradaky ylalaşyga gol goýdular.

Bu dabaradan soňra, Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardari “Türkmen gazyny akdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk Päkistanyň ykdysadyýetini agyr ýagdaýdan halas eder we ekstremizme garşy göreşe ýardam eder” diýdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bolsa, bu geçirijiniň gurluşygy we ondan soňra howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

Bu Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) proýektiniň bahasy 7,6 milliard amerikan dollaryna deň bolar diýlip hasaplanylýar. Şol geçiriji arkaly ýylda 33 milliard kubometr türkmen gazyny akdyrmaklyk planlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Döwletabad gaz ýatagyndan tebigi gaz uzynlygy 1 müň 700 kilometr çemesi bolan turbaprowod arkaly Owganystanyň we Päkistanyň üsti bilen Hindistana çenli akdyrylar.

Ozalbaşda 1995-nji ýylda taslanan bu proýekte Hindistan 2008-nji ýylda goşuldy. Ony goldaýanlar proýektiň 2014-nji ýylda tamamlanjakdygyna umyt baglaýarlar.

Energiýa we howpsuzlyk boýunça käbir analitikleriň pikiriçe, Owganystandaky durnuksyzlygyň bu proýektiň bellenilen möhletde amala aşyrylmagynda kynçylyklary döretmegi mümkin.

Emma, başga bir tarapdan, geljekde türkmen gazynyň Günorta Aziýa akyp başlamagy Aşgabadyň Günbatara gaz ibermek planlaryny gowşadar diýen pikirler öňe sürülýärdi.

19-njy noýabrda Aşgabatdaky energiýa forumynda bolsa Türkmenistan özüniň Ýewropa her ýylda 40 milliard kubometr tebigy gaz satmak üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýandygyny habar beripdi.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaýa akdyran tebigy gazynyň möçberiniň 6 milliard kub metre barmagyna garaşylýar. Bu möçber 2015-nji ýyla çenli ýyllyk 40 milliard kub metre çykarylar.

Eýrana eksport edilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi bolsa häzirki wagda ýyllyk 14 milliard kub metre barabar.

Häzir ýyllyk 75 milliard kub metr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan geljekde muny 230 milliarda kub metre çykarmagy we onuň 180 milliard kub metrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG