Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaýda mekan tutduň, jenap ilçi?!


Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasy, Waşington.
Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasy, Waşington.

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplyk statusynyň BMG tarapyndan ykrar edilmegine 15 ýyl dolýar. Bu sene 15 ýyl bäri Türkmenistanda uly baýramçylyklaryň biri hökmünde bellenip geçilýär.

Bitaraplyk her ýyl baýram edilip bellenilse-de, ol ilat arasynda ornaşyp gidibermedi. Onuň hem esasy sebäpleriniň biri - Bitaraplyk statusynyň manysynyň halka doly düşündirilmeýänliginde. Bu syýasy terminiň asyl manysyny, onuň häkimýet dolandyryş sistemasyndaky tutýan ornuny hatda döwlet çinownikleri-de doly saýgaryp bilmeýärler.

23-nji noýabrda “Watan” gazetinde “Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Beýik Galkynyş eýýamynda ynsanperwerlik ideýalarynyň çuňlugyna ýetýär” ady bilen Türkmenistanyň ABŞ-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan makalasy çap edilipdir. Eger bu makalany başga ilçiler, mysal üçin, Türkmenistanyň öňki söwda ministri Halnazar Agahanow ýa-da hojalyk işlerinden diplomatlyk derejesine ýeten çinowniklerden biri ýazan bolsady, onda oňa kän bir ünsem berilmezdi. Emma bu makalany Türkmenistanyň ABŞ-daki ilçisi Meret Baýramowiç Orazowyň ýazmagy köp oýa batyrýar.

Meret Baýramowiç Orazow 12 ýyl bäri ABŞ-da ilçilik wezipesini alyp barýar. Onuň ýaly weteran diplomatlar bizde az-azdyr. Bolanlarynam, mysal üçin Gurbangeldi Kasymow ýalylaryny hormatly dynç alyşa ugradypdylar. Orazowyň Waşingtonda beýle uzak oturmagyna hemmeler haýran galýardylar. Eger adaty ýurtlarda ilçini her dört ýyldan çalyşýan bolsalar, Türkmenistanda bu praktika käbir ilçiler üçin ulanylmaýar. Mysal üçin, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 3-nji martynda BMG-niň agzasy bolansoň, onuň Nýu-Ýorkdaky Baş wekilhanasynda ilçi hökmünde Türkmenistanyň öňki saglygy saklaýyş ministri Aksoltan Ataýewa bellendi, ol häzir 18 ýyla golaý wagt bäri şol ýerde işläp gelýär. Beýle fenomeniň (adaty däl ýagdaýlaryň) düýp sebäpleriniň üstünde durman, ilçi Meret Orazowyň makalasyna geçeliň.

Dogrusy, matematika we ykdysady ylymlarynyň doktory, Halk hojalygy institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň öňki rektory, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döredilen Prezident Sowetiniň agzasy bolan professor, giň düşünjeli adamdan beýle göýdük makala garaşylmandy.

Makala şeýle sözler bilen başlanýar: “Öz milli Garaşsyzlygymyzy gazanaly bäri türkmen diýary toýlar mekanyna öwrüldi. Şol toýlaryň arasynda halk üçin has gymmatlylary bar. Olaryň biri-de eýýäm 15 ýyl bäri, her ýylyň 12-nji dekabrynda uly ruhubelentlik bilen bellenýän Bitaraplyk baýramydyr”. Bitaraplyk statusynyň näme üçin baýram edilýänine halk düşünenok. Şweýsariýa, Finlandiýa we Awstriýa ýaly döwletleriň hem Bitaraplyk statusy bar, ýöne olar ony baýram etmeýär. Ol baýram eder ýaly waka-da däl. Ony her bir BMG-e girýän döwletler islän wagty öz parlamentlerinde kabul edip bilýärler. Bitaraplyk gününi ýa-da baýramyny halk ruhubelentlik bilen däl-de, ruhupeslik bilen garşylaýar. Bu baýramy geçirmek üçin birnäçe günleriň dowamynda okuwçydyr studentler sowuk howanyň astynda saklanylýar. Şol günler olaryň okuwlary hem ýatyrylýar. Olaryň hemmesi konslagerdäki tussaglar ýaly stadionlara sürülýär. Elbetde, ilçileriň çagalary ol beladan boşadylan. Sebäbi olar azat ýurtlarda ýaşaýarlar.

Gapylar ýapyk

Makalada “Gatnaşyklar Türkmenistanyň hemişelik, oňyn Bitaraplyga daýanýan “Açyk gapylar” syýasatyny ösdürmegiň esasyny düzýär” diýilýär. Hany ol “açyk gapy” diýilýän zat? Adamlar diňe “ýapyk gapy” görýär. Türkmenistanyň dünýäň ýekeje döwleti bilenem wizasyz gatnaşygy ýok. Etniki, özümize ýakyn bolan, dogan diýip ýüzlenýän Türkiýe döwleti bilenem wizaly gatnaşykda durýarys. Türk doganlarymyz, esasan hem onuň häzirki hökümeti, bize, türkmen ilatyna egilşik edip, öz taraplaryndan giriş wizalaryny aýyrdylar, emma Türkmenistanda Döwlet migrasiýa gullugy sähelçe etmişleri üçin türkleri deportasiýa edýär. Eger-de wiza soraýan daşary ýurtlylara wiza berilmese, nireden Türkmenistana maýa goýumçylar gelsin?!

Aslynda Bitaraplyk ýoly wizalary inkär etmeli ýa-da ony ýeňil görnüşde beriler ýaly gurnamaly. Häzirki döwür “Beýik Galkynyş eýýamy” diýlip atlandyrylýar. Nämede we nirede onuň galkynany görülýär? Matematika ylmy faktlara, maglumatlara daýanýan ylym, ony ilçi gowy bilmeli. Eger-de abraýly halkara forumlarynda “syýasy reformalar türkmenleriň hüý-häsiýetine gabat gelmeýär, demokratiýa milletiň däp-dessuryna seredip edilmeli, Günbatar demokratiýasy bize mahsus däl” diýseler hem, türkmen ýolbaşçylary näme üçindir öz çagalaryny Günbatar demokratiýasynda ýaşadanlaryny gowy görýärler. Dogry, eger-de türkmen halkynyň şolar ýaly şertleri bolsady, onda belki-de “galkynardy”!

Makalanyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky “ylalaşdyryjy merkez” hökmündäki roluna ünsi çekýär. Bir syýasy partiýadan başga partiýa açmaga miltimiz çatmasa, biz nireden ylalaşdyryjy merkez bolýarys? Ýurtda ýaşaýan gaýry milletleriň hukuklary bozulýarka, başga bir toparlary ylalaşdyrmak başardarmyka?

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow hem owgan “Talyban” režiminiň lideri Molla Omar bilen general Dostumy Aşgabatda ýaraşdyrmaga synanyşypdy. Emma şondan birnäçe gün geçenden soň olaryň arasyndaky atyşyk öňküden hem beter möwç aldy. Makalanyň dowamynda ilçi bu ugurdaky pikirini ösdürip, Türkmenistanyň Owganystana diňe bir syýasy goldaw däl-de, eýsem bu ýurduň ykdsadyýetini dikeltmekde hem degerli kömek bermegiň tarapynda çykyş edýändigini nygtaýar. Garaşsyzlyk alanymyza 20 ýyl bolup gelýär, emma biz bir gezegem Owganystanda ýaşaýan türkmen doganlarymyza degerli kömek etmedik. Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew dünýäniň ähli gazaklaryna howandar bolup, olary Ata-Watanyna çagyran bolsa, biz ýaşap ýören ýerli türkmenlerimizi-de Watana sygdyryp bilmedik. Bu hem türkmen hökümetiniň häzirki güne çenli ýöredip gelýän syýasaty.

Energiýa, energiýa we ýene-de energiýa...

Ilçi öz makalasynda Türkmenistanyň BMG-de energiýa boýunça Geňeş döretmek baradaky teklibini bütin dünýä jemgyýetçiliginiň oňlandygyny belleýär. Ol energiýa geçirijileriniň howpsuzlyk meselesiniň Türkmenistanyň aýratyn üns merkezindedigini bellese-de, energiýa boýunça Geňeş döretmegi dünýä ýurtlarynyň ählisi oňlamaýar. Ol hem syýasy meseler bilen baglanyşykly. Mysal üçin, Eýran bu meselä gaty ynamsyz garaýar.

Türkmenistan energiýa geçirjileriniň howpsuzlyk meselesini daşary syýasatynda iki ýyl bäri esasy orunda goýup gelýär. Türkmen hökümeti halkara forumlarynyň ählisinde diýen ýaly, gabat gelse-gelmese energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny aýdym edinip gelýär. Sebäbi türkmen resmileri energiýa geçirjilerini syýasy reformalardan wajyp görýär. Türkmenistan energiýa geçirjileriniň howpsuzlygyny alada edýän bolsa, aýratyn forum ýa-da gurama döretmeli diýip, jar etmän, BMG-däki ykdysady gatnaşyklary halkara-hukuk jähtden düzgünleşdirýän, 1991-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Gaagada kabul edilen “Ýewropanyň energetik hartiýasyna” goşulmaly. Bu resmi dokumentiň 3-nji bölümi “Aýratyn ylalaşyk” diýlip atlandyrlýar. Ine, şol bölümde şertnama gol goýan döwletlerde nebit we gaz geçirjileriň howpsuzlyk şertiniň saklanýanlygy aýdylýar.

Jenap ilçi TOPH proýektiniň (Türkmenistan- Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirjisiniň) sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkarar etmekde möhüm faktor boljakdygyny belläp geçýär. Bu proýekte girýän döwletleriň syýasy we ykdysady mümkinçiliklerine seredeniňde, onuň amala aşardan gaty uzakdadygy görnüp dur. Türkmenistan bu proýekte diňe gaz bermek bilen çäklense, Owganystanyň içinde dowam edýän gapma-garşylykly urşuň soňy görünmese, bu iş häzirlikçe real däl. Aradaky sil heläkçiliklerinden soň Päkistanyň ykdysadyýetiniň pese gaçmagy we ýurtda yzygiderli terrorçylyk hüjümleriniň bolup durmagy, Kaşmir welaýatynyň üstünde Hindistan bilen Päkistanyň ýaragly çaknyşyga golaýlaşmagy TOPH proýektiniň kagyz ýüzünde galmagynyň gaty ahmaldygyny görkezýär. Bu proýekt diňe şol döwletleriň ýolbaşçylarynyň öz halklarynyň öňünde syýasy abraý gazanmaklary üçin gurnalan oýundygyna düşünmek kyn däl. Sebäbi bu proýekte Yslam ösüş banky hem maýa ýatyrmaga howlukmaýar.

Hany ylym?

Makalada professor Orazow ýurduň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda bitaraplyk syýasatynyň örän uly hyzmatynyň bardygyny nygtaýar. Belki, alym Orazow türkmen ylmyny Sowet döwründäki galkynan ýagdaýy bilen bulaşdyrýandyr?! Her näçe öwüp ýazsalar-da, häzir Türkmenistanyň ylym derejesi Sowet döwründäkiden hem gaty yzda. Eger onuň ýagdaýyny deňeşdirsek, onda häzirki günüň ylmy geçen asyryň 1930-njy ýyllaryndaky ýagdaýyna golaýlar. Eger ondan rus alymlarynyň hyzmatlaryny aýyrsak, onda ol 20-nji asyryň başyna hem barar.

Gaýgysyz Atabaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistan respublikasynda ýokary intellektual derejeli alymlar topary döräpdi. Akademik Ödekowyň ýer titreme boýunça teoriýasy häzirki gün tutuş dünýäde ulanylyp gelinýär. Ondan başga-da ençeme türkmen alymlary Türkmenistany dünýä tanatdylar. Olardan Sary Karanow, Şaja Batyrow, Şamyrat Täşliýew, Pygam Azymow, Kerim Maşrykow, Mäti Kösäýew, Ata Jykyýew, Çary Baýryýew, Pirimguly Taňrygulyýew, Agajan Babaýew, Myrat Annanepesow, Öwezdurdy Bekmyradow we başgada köp alymlaryň atlaryny agzap bolar. Hany Galkynyş eýýamynyň alymlary? Nirede olaryň açyşlary, kitaplary?

“Bitaraplyk derejämiz ýurtda syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Muňa mysal edip, Awaza milli syýhatçylyk zolagyny görkezmek bolar” diýip, ilçi Orazow öz makalasyny dowam edýär. Adaty ýurtlarda syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek üçin syýahatçylara ýeňilleşdirilen wizalar döredilýär ýa-da ol asyl aradan aýrylýar. Bizde bolsa tersine - günsaýyn wiza almak agyrlaşýar. Türkmenistana tötänden syýahatçy bolup gelenlere hem arkaýyn dynç almaga gün ýok. Olar elmydama polisiýa we migrasiýa gulluklarynyň gözegçiliginde bolýar. Çala ýalňyşyrak bir iş edäýseler, syýahatçylaram gözenegiň gyrasyny görüp galýarlar.

Professor, Türkmenistanyň ABŞ-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Meret Baýramowiç Orazowyň makalasyny okanyňda, türkmenleriň taryhynda yz goýup giden iki sany şahs göz öňüňe gelýär. Olaram, Meret Orazow ýaly, Russiýada okap, terbiýe alyp gelseler-de, Watany mukaddes saýypdyrlar. Diňe Watana, halka başardyklaryndan hyzmat edipdirler. Ýogsam, ol döwürler hem şeýle hereket etmek janyňa gaty howply bolupdy. Sebäbi olar Rus imperiýasynyň gol astynda işleýärdiler. Wagt geçer, türkmen halky Tatýana Tekinskaýanyň we Nikolaý Ýomudskiniň öz halkyna eden hyzmatlaryny ýagşylykda ýatlar. Olaryň ady biziň taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar. Emma şol döwür gelende biziň ilçilerimiz Watana gelmekden saklanyp, Günbataryň kwartallaryna siňerler. Olaryň atlary bolsa diňe arhiw kagyzlarynda galar.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG