Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bitaraplygyny belledi


A.Baýryýew: “Türkmenistan açylmaýan bolsa, bitaraplygyň manysy nämede diýen sowal ýüze çykýar”.

A.Baýryýew: “Türkmenistan açylmaýan bolsa, bitaraplygyň manysy nämede diýen sowal ýüze çykýar”.

12-nji dekabrda Türkmenistanyň bitaraplyk durumynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmegine 15 ýyl doldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri bu sene her ýyl Türkmenistanda bellenilýän möhüm milli baýramçylyklaryň birine öwrüldi.


Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň halkyna gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi. Şol ýüzlenmede prezident Berdimuhamedow bitaraplygy ýurduň öňe gitmeginde berk we ynamly syýasatyň alnyp barylýandygynyň alamaty hökmünde hasiýetlendirdi.

“Bitaraplyk Türkmenistana üçünji müňýyllykda dünýä syýasatynda parahatçylygy goldaýan merkez hökmünde ýokary derejeli statusy gazanmaga mümkinçilik açdy” diýilip prezident Berdimuhamedowyň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Şeýle-de bu ýüzlenmede “Biz gowy goňşuçylyga, özara sylanyşyga, deň hukuklylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga eýerip, dünýäniň ähli ýurtlary bilen elmydama berk we dowamly bitaraplyk syýasatyny alyp bararys” diýlip nygtalýar.

Bitaraplyk barada “daşarky garaýyşlar”

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, ilçi Eýlin Malloý Türkmenistanyň prezidentini we halkyny bitaraplygyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 15 ýyllygy bilen gutlady.

“Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň garaşsyzlygyna we bitaraplygyna hormat goýýar, biz Türkmenistanyň halky we hökümeti bilen alyp barýan özara dostlukly gatnaşyklarymyza öran uly ähmiýet berýäris. Şeýle-de, biz Türkmenistan bilen köp pudaklarda hyzmatdaşlyk gurmaga tagalla edýäris. Biziň ähli tagallalarymyz Türkmenistanyň gülläp ösýän, halkara jemgyýetiniň demokratik agzasy bolmagyna gönükdirlendir” diýlip, amerikan ilçisiniň gutlagynda nygtalýar.

12-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 15 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Halkara konferensiýasy geçirildi.

Maglumata görä, oňa köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, döwlet işgärleri, daşary işler ministrleri, diplomatlar we syýasaty öwrenijiler gatnaşypdyrlar.

Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, ylymlaryň doktory, professor Meret Orazow Türkmenistanyň bitaraplygyna baha bermek bilen, özüniň 23-nji noýabrda “Watan” gazetinde çap bolan makalasynda “Gatnaşyklar Türkmenistanyň hemişelik, oňyn Bitaraplyga daýanýan “Açyk gapylar” syýasatyny ösdürmegiň esasyny düzýär” diýip ýazýar.

“Sowal ýüze çykýar...”

Aşgabatly garaşsyz žurnalist, “Dewid Burke” halkara baýragynyň laureýaty Aşygruly Baýryýew bitaraplyk barada öz pikirini şeýle beýan etdi: "Eger-de raýatlar öz ýurtlaryndan erkin çykyp, erkin yzyna gaýdyp bilmeseler, eger-de Türkmenistan dünýä doly açylmaýan bolsa, bitaraplygyň manysy nämede diýen sowal ýüze çykýar”.

“Bitaraplyk, meniň pikrimçe, özüňi siwilizlenen dünýäden çetde tutmazlykdyr, oňa garylyp-gatylmakdyr. Demokratiýany sözde däl-de, iş ýüzünde ykrar etmekdir. Bitaraplyk ýurduň halkynyň eşretine hyzmat etmeli. Häzir bitaraplyk statusy türkmen häkimiýetleri tarapyndan Türkmenistany “dünýäde parahatçylygy berkakar ediji” halkara diplomatiýasynyň merkezine öwürmek ambisiýasyna gulluk etdirilýäne meňzeýär".

15 ýyl mundan ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda 185 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistan bitaraplyk statusyna eýe boldy. Türkmen häkimiýetleri bitaraplygy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni hasaplaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG