Sepleriň elýeterliligi

Stokgolm partlamasy terror hüjümi hasaplanylýar


Düýn Şwesiýanyň howpsuzlyk gullugy (SAPO) şenbe güni Stokgolmyň merkezinde partlan maşynyň terror jenaýatydygyny tassyklady.

SAPO-nyň howpsuzlyk bölüminiň başlygy Anders Tornberg metbugat ýygnagynda bu hadysa boýunça kanun esasynda jenaýat-derňew işiniň açylandygyny aýtdy.

Maşyn partlamasy Stokgolmyň merkezinde, mähelleli söwda meýdanynda bolup geçdi. Bu hadysada bir adam öldi we iki adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG