Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň we Finlýandiýanyň liderleri täze otluda gezim etdiler


Finlýandiýanyň prezidenti we Orsýetin premýer-ministri düýn Helsinki bilen Sankt-Peterburgyň arasyny baglaýan täze ýokary tizlikli ýolagçy otlusynyň ilkinji ýolagçylarynyň hataryna girdiler.

Sagatda 220 kilometr ýol geçýän täze otly iki şäheriň arasyndaky gatnaw wagtyny 3.5 sagat töweregi gysgaldar.

Ozal bu aralygy geçmek üçin 6 sagat wagt gerek bolýardy. Finlýandiýanyň prezidenti Tarýa Halonen düýn bu ýokary tizlikli otla Helsinki şäherinde mündi we Orsýetiň serhet şäheri bolan Wyborgda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putine goşuldy.
XS
SM
MD
LG