Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowoda ilkinji parlament saýlawlary geçirildi


Düýn Kosowonyň premýer-ministri Haşim Taçi Kosowoda üç ýyla golaý ozal Serbiýadan garaşsyz bolnaly bäri geçirilen ilkinji parlament saýlawlarynda öz Demokratik partiýasynyň ýeňendigini öňe sürdi.

Ses berişlik soňlanandan soň, Saýlaw komissiýasynyň yglan eden deslapky maglumatlaryna görä, ýekşenbe güni geçen bu saýlawlarda premýer-ministr Haşim Taçiniň ýolbaşçylygyndaky Demokratik partiýasy sesleriň 31 prosenti bilen öňe saýlanypdyr.

Saýlaw komissiýasy Haşim Taçiniň Demokratik partiýasynyň esasy bäsdeşi hasaplanylýan “Demokratik Liga” partiýasynyň sesleriň 25 prosentini alandygyny aýdýar.

Ýöne “Demokratik Liga” partiýasy sanawlaryň resmi netijelerini ret etdi we onuň 120 orunly parlamentiň agzalary üçin geçirilen saýlawlaryň hakyky netijelerini aňlatmaýandygyny aýtdy.

Saýlawlaryň gutarnykly resmi netijeleri şu gün giçlik çap ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG