Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mihail Hodorkowskiniň tarapdarlary protest bildirdiler


Tussaglykdaky orsýetli biznesmen Mihail Hodorkowskiniň müň çemesi tarapdary düýn Moskwada proteste çykdy.

Mihail Hodorkowskiý we onuň egindeşi Platon Lebedew ozal salgyt galplyklarynda aýyplanyp, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Indi olar millionlarça tonna nebit ogurlamakda hem aýyplanyp, ikinji sud hökümine garaşýarlar.

Moskwanyň sudy şu hepdäniň çarşenbe güni bu iki biznesmeniň işi boýunça höküm çykarar diýlip garaşylýar.

Mihail Hodorkowskiý bilen Platon Lebedewiň goldawçylary düýn Moskwanyň merkezindäki Puşkin meýdançasyna ýygnanyp, bu biznesmenleriň boşadylmagyny we premýer-ministr Wladimir Putiniň işden çekilmegini talap etdiler.

Sankt-Peterburagda hem şular ýaly protest çykyşy gurnaldy we oňa 300 çemesi adam ýygnandy.
XS
SM
MD
LG