Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan TOPH gaz geçirijini gorajagyny aýdýar


Owganystanyň hökümeti ýurduň iň bir howply böleklerinden çekilmeli Trans-owgan gaz geçirijisini goramak üçin bu regionlara müňlerçe esger ýerleşdirjekdigini aýdýar.

Magdanlar we senagat ministri Wahidulla Şahrani düýn Kabulda geçen metbugat ýygnagynda TOPH gaz geçirijiniň ugruny goramak üçin 5 müňden 7 müňe çenli howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdiriljegini aýtdy.

Bu wada Aşgabatda Türkmenistan, Owganystan, Päkistan we Hindistan arasynda TOPH gaz geçirijisini gurmak barada gol çekilen ylalaşykdan bir gün soň ýaňlandy.

Uzynylygy 1 müň 700 kilometr boljak TOPH gaz geçirijisiniň proýekti ilkinji gezek 1995-nji ýylda peýda boldy we ol Owganystandaky Talyban pitneçiligi sebäpli soňa goýuldy.
XS
SM
MD
LG